Elektroenergetika pudagy

  • 21.02.2026
  • Elektroenergetika pudagy Soňky ýyllarda Türkmenistanda elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýadyny düýpgöter döwrebaplaşdyrmak we berkitmek, diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga, ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýän ygtybarly energetika ulgamyny döretmäge gönükdirilen işler alnyp barylýar. Watanymyzyň ähli künjeginde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz trubinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary, paýlaýjy elektrik beketleri bina edilýär we işe girizilýär. Paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlary täzelenýär.
    Ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek, utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna görä pugtalandyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar.
    Mukaddes Garaşsyzlygymyzdan, mizemez döwletliligimizden hem-de hemişelik Bitaraplygymyzdan ruhy güýç alyp, halkymyz röwşen geljege gadam urýar. Şunda ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolan elektroenergetika pudagy möhüm orny eýeleýär. Diňe bir soňky ýigrimi ýylyň dowamynda eziz Diýarymyzda has kuwwatly elektrik beketleriniň ençemesi gurlup, öňden hereket edýänleriniň durky bütinleý täzelenip, döwrebaplaşdyrylýar.
    Eziz Diýarymyzda «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça işleriň çäklerinde ekoinnowasiýalary işläp taýýarlamak we ulanmak, ekologik taýdan arassa ulaglara geçmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini öndürmäge-de uly üns berilýär. Bu bolsa täze, döwrebap obalary ekologik taýdan arassa elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Garaşsyz Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini döretmek boýunça işler geljekde-de giň gerimde dowam etdiriler.

    Gülzira ÇARYÝEWA
    Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
    Başga makalalar