Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, önümçiligi we ilaty ýerleşdirmekde oňyn geografik we düzümleýin öňe gidişliklere, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna ýardam edýär. Ulag gatnawlary ykdysadyýet üçin zerur bolan ulgamlaryň durnuklylygynyň we ykdysady taýdan netijeliliginiň esasy şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda ýokary derejedäki forumlaryň hem-de duşuşyklaryň geçirilmegi halkara bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmakda hem-de durnukly ulag ulgamynda ýurtlaryň we halkara düzümleriň garaýyşlaryny ýakynlaşdyrmakda möhüm ädim bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň awgustynda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirildi. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bolsa Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi hasaplanylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag-aragatnaşyk pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň logistika mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça hem maksada gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ulag-kommunikasiýa strategiýasynyň amala aşyrylmagy bilen, ýurdumyz sebit we halkara derejeli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri yklymyň söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşip, halkara ulag ulgamyna goşulyşmaga, deňiz, howa, demir ýol, awtomobil gatnawlaryny öz içine alýan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgeleriniň döwrebap ulgamynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi bu ugurlar boýunça ýolagçylary gatnamagy, ýükleri daşamagy doly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Gatnawlaryň möçberini artdyrmak üçin demir we awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň taslamalary amala aşyrylýar. Howa, deňiz ýollarynyň, gury portlaryň döwrebap infrastrukturasy döredilýär. Logistikany sazlaşykly hem-de utgaşykly alyp barmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Aýsenem BAZARGYLYJOWA Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy