Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar. Halkymyzyň paýhasly ýaşaýşyna «Ylymly — ozar» diýen ýörelge pugta ornaşypdyr. Ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, onda ylym-bilimiň döwrebap ösüşi babatdaky döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir. Binýatlaýyn we amaly ylymlaryň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň, geljegi uly işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagy häzirki zaman dünýäsinde ykdysady ösüşi gazanmagyň, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylym-bilim ulgamyny döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Türkmenistanda häzirki döwürde alnyp barylýan işler bu babatda nusgalyk mysaldyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ylmy-nazary, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan howpsuz we ykdysady taýdan netijeli ýokary tehnologiýalary döretmek hem-de işlenip taýýarlanylan innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak üçin amatly şertler döredilýär. Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň nyşany, Türkmenistanda we tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherini «geljegiň şäheri» atlandyrmak bolar. Kanun taýdan döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesi berlen Arkadag şäheri durmuşyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy we ýokary tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagy maksat edinýän Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki döwürde biz dünýäniň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryny, ýurdumyzyň alymlarynyň işläp taýýarlamalaryny özüne birleşdirýän häzirki zaman binýatlyk ylymlaryň kemala getirilmeginiň şaýady bolýarys. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, bilim, ylym, önümçilik ulgamlarynyň arasynda ýakyn özara baglanyşyk üpjün edilýär. Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň esasy wezipelerini çözmäge gönükdirilen milli ylym ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin uly tagalla edýär. Sebäbi ylym-bilim okgunly ösüşiň ygtybarly binýady bolup durýar.
Seýran ANNAÝEW Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy