Häzirki wagtda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň çalt ösýän döwründe bu ugurda möhüm işler alnyp barylýar. Döwletimiziň ykdysady we tehniki kuwwatyny pugtalandyrmak, aň-paýhas mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ylym-bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara arabaglanyşygyna aýratyn orun berilýär. Oýlanyşykly alnyp barylýan daşary ykdysady syýasat döwletimiziň üstünlikli we durnukly ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyz halkara söwda, maýa goýum we tehnologik işlere gatnaşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. «Akylly» şäherde halkara ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. şäheriň köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar hem-de elektrotaksiler hereket edýär. «Akylly» öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlary, iki gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamy internet togy arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär. Täze şäherde optiki-süýümli kommunikasion ulgamyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berdi. Arkadag şäheri adamlaryň ýaşamagy, zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin iň kämil we amatly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän şäherleriň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sanly ulgamyň ösüşleri kalbymyzy buýsançdan doldurýar.
Aýgözel ÇARYBERDIÝEWA Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy