Watanymyzda netijeli işler durmuşa geçirilýär

  • 27.02.2026
  • Watanymyzda netijeli işler durmuşa geçirilýär Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak boýunça milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalar üstünlikli ornaşdyrylýar. Bu babatda adamzat durmuşynda innowasiýalara möhüm orun degişli bolan häzirki zaman şertlerinde Watanymyzda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda ylmy tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge hemde Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Halk hojalygyny sanlylaşdyrmagyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda ýurdumyzda innowasion özgertmeleriň geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen döwrebap ösmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanda alnyp barylýan sanly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, onuň kanunçylyk binýady hem yzygiderli berkidilýär. Bu ugurda möhüm döwlet resminamalary kabul edilýär. Munuň özi ýurdumyzy ykdysady taýdan ösen güýçli senagat döwletine öwürmäge we halkymyzyň durmuş şertlerini hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer. Türkmen halky bu gün Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda öz bagtyna, dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň esasynda berkarar ýurdumyzda adalat jemgyýetini, dünýä derejesindäki ösüşi pugtalandyrmak, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa ornaşdyrýan maksatnamalaýyn beýik işleri eziz Watanymyza, mähriban halkymyza egsilmez söýgüsinden nyşandyr.

    Arslan AGAÝEW
    Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby
    Başga makalalar