«Aty baryň - ganaty bar»

  • 06.03.2026
  • «Aty baryň - ganaty bar»

    «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz, hakykatdan-da, bedew bady bilen nurana geljegimize tarap maksat-myratly aýdyr günlerimize beslenip, eziz Watanymyzyň dünýä şöhratynda, bagtyýar halkymyzyň zähmet ýeňişlerinde rowaç gadam urýar. «Aty baryň - ganaty bar» diýen pähimi uly durmuş ýörelgesine öwren halkymyz üçin bedew diňe bir ulag däl, eýsem mukaddeslikdir, döwletliligiň nyşanydyr, arzuwlaryň rowaçlanmasydyr. Bu ýylymyzyň şygary halkymyzyň täze taryhy eýýamda öz mukaddesliklerine goýýan sarpasynyň iň belent derejesidir. Bu şygar - parahatçylygyň, dostlugyň we täze sepgitlere okdurylmagyň dabaralanmasydyr. Ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýratmakda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hyzmaty çäksizdir. Bu topar 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň hut öz tagallasy bilen döredildi we şondan bäri dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilen halkara festiwallarynda iň ýokary baýraklary - altyn kuboklary we «Gran-pri» baýraklaryny eýeledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, bu toparyň çykyşlary türkmen bedewiniň diňe bir gözelligini däl, eýsem onuň adam bilen bolan ruhy bitewiligini we pähim-paýhasyny hem görkezýär. «Galkynyş» toparynyň ýetýän sepgitleri - parahatçylygyň we dostlugyň dabaralanmasy hökmünde, Türkmenistanyň halkara abraýyny täze belentliklere göterýär.
    Milli Liderimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ajaýyp kitabynda: «Maşgaladaky çagalaryň golaýynda, teläriň astynda ýetişdirilen türkmen atlary örän näzik we adatdan daşary akyllylygy bilen tapawutlanýar» diýip ýazmak bilen, türkmen bedewiniň ynsanlyk häsiýetini açýar. Köpetdagyň eteginde özüniň täsin gözelligini giň düzlükden alan ahalteke bedewi dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň baky belent nyşanydyr.

    Ogulbäbek ARAZNAZAROWA
    Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy

    Başga makalalar