TÜRKMEN BEDEWINIŇ ŞÖHRATY BELENDE GÖTERILÝÄR

  • 14.03.2026
  • TÜRKMEN BEDEWINIŇ ŞÖHRATY BELENDE GÖTERILÝÄR

    Aýdyň maksatlar birleşip, umumadamzat bähbitli ynsanperwer ýörelgeler ileri tutulanda, hyzmatdaşlygyň we birek-birege ynanyşmagyň binýady has-da berkeýär. Berkarar döwletimiziň öňe sürýän ählumumy abadançylyga gönükdirilen dialog hem-de ynanyşmak babatdaky ýörelgesi häzirki wagtda dünýä döwletlerini ýakynlaşdyrýar we halklary barha jebisleşdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ady taryhçylaryň ylmy işleriniň çuňňur manyly çeşmelerine, rowaýatlarda gahrymanlaryň edermenligine, dessanlarda ýyndamlygyň we gözelligiň waspynyň deňeşdirmesine öwrülen ahalteke bedewlerimiziň şöhraty ajaýyp ýeňişler bilen äleme dolýar.
    Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary biziň ýol-ýörelgämiz, ähli üstünliklerimiziň badalgasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, behişdi bedewlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, ýurdumyzyň ösüşleriniň beýanyna öwrüldi. Ata-babalarymyzyň «At — myrat», «Atym bar — ganatym bar» ýaly parasatly sözleri halkymyzyň bedewlere goýýan hormatyndan nyşandyr. Hakykatdan-da, bedew atlarymyz halkymyzyň köňül ganaty. Onuň üsti Süleýman pygamberiň tagtyna deňelýär. Türkmen bedewlerine mundan beýik baha bermek mümkin däl. Ine, biziň ahalteke bedewlerimiz şeýle beýik baha hemişe mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Biz özümize we öz güýjümize berk ynanýarys, bu ynam öz köklerini türkmen topragynyň berekedinden we sahylygyndan, dünýäni aňk ediji hadysany adam bilen atyň jana-jan dostlugyny döretmegiň hötdesinden gelen pederlerimiziň pähim-parasadyndan alyp gaýdýar” diýip bellemegi türkmen bedewiniň ähli döwürlerde halkymyzyň durmuşynda eýelän möhüm ornuny açyp görkezýär. Şonuň netijesinde hem bedew mertebesi belent tutulýar.

    Musa ŞAMYRADOW
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby

    Başga makalalar