«GALKYNYŞ» TOPARY BUÝSANJY HALKYŇ

  • 14.03.2026
  • «GALKYNYŞ» TOPARY BUÝSANJY HALKYŇ

    Ahalteke bedewleri gözelligiň, ýyndamlygyň, wepalylygyň kämil nusgasyny özünde jemleýär. Dünýä bedewleriniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr, göz-guwanjydyr we milli mirasydyr. Ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimize daýanyp, hormatly Prezidentimiz bu barada bimöçber tagallalary durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmäge, bedewleri amatly şertlerde saklamaga, idetmäge, sanyny köpeltmäge hem-de atşynaslara, seýislere, türgenlere üstünlikli işlemäge giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen sirk sungatynyň ösüşinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Bu babatda toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen “IDOL” bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde bolan Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda “Altyn Gaetano” altyn heýkeljigine mynasyp bolandygy aýratyn bellemäge mynasypdyr. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan üstünligi bolsa türkmeniň ahalteke bedewiniň şöhratyny has belent derejelere çykaran möhüm waka boldy. Munuň özi şol bir wagtda biziň berkarar döwletimiziň, merdana halkymyzyň, olary has belent sepgitlere tarap bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara giňişligindäki mertebelerini hem belende göterýär.

    Oguljeren POPYÝEWA
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby

    Başga makalalar