Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk hiç zat bilen ölçäp bolmaýan beýik düşünjedir, döwletimiziň, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň berk esasydyr. Onda merdana ata-babalarymyzyň erkin, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegleri, şöhratly geçmişimiz, şu günümiz hem-de mähriban Watanymyzyň beýik geljegi beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitaby, döwlet Garaşsyzlygymyzyň taryhy ýoluna, ýurdumyzyň ýeten beýik ösüşlerine, agzybirlik, jebislik ýörelgelerimize bagyşlanýar. On üç bapdan ybarat kitabyň her babynda döwletimiziň baş ýörelgesine laýyk, ýagny adamyň, halkyň bähbidine gönükdirilen özgertmeleriň, gazanylan köpasyrlyk ösüşleriň waspy «Howpsuz, özerkli ýaşaýşyň galasy», «Türkmen halky — döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk eýesi», «Budur türkmen binasy!», «Galkynyşyň, ösüşiň, bagtyýarlygyň täze taryhy eýýamy», «Gözbaşlar joşly bolsa, bagtyňdan rowaçlyk hem üstünlik çykar», «Türkmen topragy — bereket mekany», «Türkmen halky — dörediji we gurujy halk», «Nusgalyk işler, vb ilkinjilik, täze önümçilikler, baý tejribe — ösüşiň özeni», «Ýoluňyz ak bolsun!», «Kalbyňyz hem ojagyňyz nurly bolsun!», «Ýaşyl ykdysadyýet» — ýaşaýyş ýörelgesi», «Bazary baryň baýlygy bar», «Garaşsyzlyk bilen geçmişlidiris, şu günlüdiris, geljeklidiris» atly baplarda täsirli beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ugurlarda ýetilen sepgitleriň beýany giňden açylyp görkezilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz belent sepgitlere ýetdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwlet tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär.
Miwenäzik ALLANUROWA Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby