Ösüşleriň badynda Bedew

  • 16.03.2026
  • Ösüşleriň badynda Bedew Türkmen halkynyň milli buýsanjyna, genji-hazynasyna öwrülen, ýyndamlygyna, owadanlygyna, wepalylygyna Ýeriň ýüzünde taý tapylmaýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň hemişe iň ýakyn syrdaşy bolupdyr. Ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzda bedew atlarymyzyň gadyr-gymmaty has-da belende göterilip, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagy, milli atçylyk sungatymyzyň dowamat-dowam bolmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi kalplary buýsanja besleýän hakykatdyr. Ady rowaýata öwrülen bedewlerimiz ýurdumyzda geçirilýän toý-dabaralaryň bezegidir. «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarynda,nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň, Annagylyç Mätäjiniň, Seýitnazar Seýdiniň... goşgularynda behişdi bedewlerimiziň türkmeniň durmuşynda ähmiýetiniň örän uludygy inçelik bilen beýan edilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründehem ýurdumyzyň özgertmelerinden ylham alýan şahyrlarymyz bedewiň ýyndamlygyny, wepadarlygyny belent joşgun bilen wasp edýärler. Hawa, diňe şahyrlaryň, bagşylaryň dilleriniň senasyna däl, eýsem, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň eserlerinde mynasyp beýanyny tapýan bedew atlaryň keşbi ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklarda ýaňbaňlandyrylan sergilere bezeg berýär. Diňe bir «Säher turup, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen nakylyň üsti bilenem halkymyzyň bedew ata näderejede hormat goýýandygyna göz ýetirmek bolýar. Meşhur ahalteke bedewiniň şekiliniň mukaddes Tugramyzda ýerleşdirilmegi, her ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilmegi döwletimiziň, halkymyzyň durmuşynda onuň sarpasynyň uludygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Gözelligi, ýyndamlygy bilen dünýä belli bolan bedewlerimiz biziň baky guwanjymyzdyr, buýsanjymyzdyr hem-de şöhrat-şanymyzdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimiz baradaky «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz»,«Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp eserleri bu günki gün her bir ynsanyň ýankitabyna öwrüldi.

    Aşyrgeldi ANNAMYRADOW
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby
    Başga makalalar