Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy
19.03.2026
Berkarar döwletimiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy. Nowruz dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem kalbynda we hakydasynda ençeme asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Baharda açylan gül-gülälegi,görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Tämiz howanyň gözelligine görk goşýan guşlaryň sesi, çagalaryň şat gülküsi, olara öz mährini siňdirýän mährem eneler, bägül dek açylan owadan gelin-gyzlarymyz baharyň gelşigidir. Asyrlar we ýyllar geçýär, ýöne türkmeniň taryhyn-dan bu baýramçylyk häzirki günlere çenli ýetip gelmek bilen ol biziň ýüregimizde öçmejek merjen bolup galmak bilen,bize hoşniýetlilik we gözellik duýgularyny peşgeş bermegini dowam edýär. Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Türkmen nusgawy şahyrlary öz eserlerinde bahar paslyny, Nowruzy taryplapdyrlar. Magtymgulynyň, Andalybyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň we başgalaryň eserlerinde türkmen tebigatynyň ajaýyplygy, hususan-da, Nowruzyň waspy çeper beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň «Duman peýda» diýlip atlandyrylan şygrynda şeýle setirler bar: Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda, Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda, Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda, Gögermedik giýalar, gögerip rowan peýda, Ederler haýwanatga hem sud-u zyýan peýda, Ýer ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda, Wabeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.
Şöhrat HALLYÝEW Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni miras fakultetiniň Medeniýet öwreniş taýýarlyk ugrynyň 1-nji ýyl talyby