Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda «Ahalteke bedewi, türkmen alabaýy diňe bir Türkmenistanyň milli baýlygy däl, eýsem, bütin dünýäniň medeni mirasy bolup durýar. Olaryň özboluşlygy, esasasan hem, wepalylygy, ýagşy niýetleri duýup bilijiligi, kömek etmäge ilgezikligi eý görülýän milli häsiýetlerimiz bilen kybapdaşdyr. Taryhyň bütin dowamynda ýanymyzdan aýrylmadyk dostlarymyz aýratyn hormata mynasypdyr» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly, at-myradyň mekany» ýylynda türkmen halkynyň umumyadamzat gymmatlyklaryna öwrülen mukaddeslikleriniň naýbaşysy ahalteke bedewleridir. “Irden turda-ataňy gör, ataňdan soň-atyňy”, “At saklamak döwletdir”, “Aty baryň ganaty bar, ogly baryň Gyýraty bar” diýen pähimler hiç bir subutnamasyz, türkmeniň öz bedew atyny maşgalasynyň bir agzasy saýandygyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” kitaplarynda türkmenlerde seýisçilik sungatynyň gadymdan nesilden-nesile geçirilip gelýändigi gymmatly maglumatlar bilen beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” kitabynda nebereleriniň – Nepesaly Serdaryň, Pyhy baýyň, Gök baýyň hem bedewlere sarpaly bolandyklaryny, olaryň gapylarynda diňe bir iş atlary bolman eýsem seýislenýän bedewleriň hem bolandygyny belleýär. Atasy Berdimuhammet Annaýewiň Dagarman diýen bedewiniň maşgalanyň bir agzasy ýaly bolandygy bolsa ata-baba ýörelgäniň dowamlylygyny aňladýar. Berdimuhammet aganyň dogany Aba Annaýewiň hakyky ussat seýis bolandygy hakyky maglumatlar bilen beýan edilýär. Berdimuhammet aganyň oňa: “Sen at boýunça akademik” diýmegi ol hakykaty aňryýany bilen görkezýär. Aba Annaýewiň türkmen bedewleriniň, arassa ganly ugurlarynyň arkama-arka saklanyp gelmeginde uly goşandy bar. Öz gözbaşyny taryhyň çüňlugyndan alyp gaýdýan türkmen atşynaslygyny ösdürmek babatda durmuşa geçirýän beýik işler bu günki gün bütin dünýä dolýar. Milli we dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan behişdi bedewlerimiz gözelligi, çeýeligi wepalylygy bilen asyrlar dowamynda şahyrlar, suratkeşler üçin egsilmez ylham çeşmesi boldy. Bu günki gün özüniň şeýle ajaýyp häsiýetleri bilen türkmeni dünýä tanadan ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has arşa galýar. Şöhratly pederlerimiziň döreden we adamzada bagyş eden milli gymmatlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem türkmeniň baş buýsanjyna toýlarynyň bezegine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamamyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmagy ahalteke bedewlerimiziň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Baýrammyrat BERDİÝEW Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň aýdym-saz mugallymy