Eziz Watanymyzda milli medeni mirasyň gorap saklanmagy ugrunda döwletli çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň döreden özboluşly, gaýtalanmajak milli mirasy bu gün ädimme-ädim umumyadamzat gymmatlyklaryna öwrülýär. Türkmen halkynyň ỳaşaỳyş durmuşynda, medeniỳetinde we taryhynda atlar möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän sergiler ahalteke bedewleriniň gözelligini dünýä ýaýmagynyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz: “...Biziň ajaýyp bedewlerimiziň bütin dünyäde tanalmagy we halkymyzyň olara guwanmagy üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary ederis”. diýip örän jaýdar belleýär.Gadymy döwürlerden bäri ata-babalarymyz howlusynda aty bolan öỳi, atyň kişňeỳän sesi gelỳän ojagy gurply, döwletli, rysgal-bereketli hasaplapdyrlar. Biziň halk rowaỳatlarymyzda, dessanlarymyzda at gahrymanyň ỳeňiş gazanmagyna kömek edỳän ỳoldaşy, onuň iň sadyk dosty, eỳesini ölümden-de halas edỳän jandar hökmünde görkezilipdirler. Muňa mysal edip, “Görogly” şadessanynda bedew atyň keşbi adamlaşdyrylyp gorkezilipdir. Gyrat Görogly üçin diňe bir serişde bolman, eýsemde onuň üçin iň ýakyn hemrasy, syrdaşy bolupçykyş edýär.Meşhur halk aýdymyna öwrülen “Gyrat meni Çandybile sen ýetir “ goşgusynda hem Gyratyň hemmetaraplaýyn tarypy ýetirilýär. Bu goşgy Görogly agyr ýaraly bolup, ejir çeken wagty aýdylan setirlerdir. Toý-tomaşalaryň bezegi, alma gözli, inçe billi, syrdam kaddy-kamatly ahalteke atlary hakyky gözelligi özünde jemleýän tebigatyň täsin gudraty bolup, ynsany özüne bendi edýär. Diňe bir öz halkymyzyň buýsanjy bolman, eýsem dünýä halklaryny hem haýrana goýýan bedewlerimiziň waspyny bagşy-sazandalarymyz, şahyrlarymyz arşa göteripdirler.Jümmüşini asyrlardan alyp gaýdýan bedewi türkmen halky Süleýmanyň tagtyna deňäpdir. Watançy serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň “Üsti bedewiň” diýen şygrynda subut edýär: Münende şaý bolsa tükel esbaby, Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň, Jul eýleseň atlas bilen zerbaba, Şonda biarmandyr üsti bedewiň. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyňyzygiderli aladasy netijesinde Döwlet tugramyzda orun alan ahalteke bedewiniň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk, seýisçilik sungatyny döwrebap ösdürmek üçin toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
Aşyrmuhammet ATAÝEW Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby