Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşaýşyň hem-de bolelin durmuşyň gözbaşy hasaplanýan suw baýlyklarymyzyň rejeli peýdalanmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde bütin dünýäde suw baýlyklarynyň meseleleri adamzat üçin iň derwaýys mesele hasaplanýar. Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Suw ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi” atly kitabynda: “Suwdan rejeli peýdalanylmagyny, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek wezipelerini halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdik. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge oňyn täsirini ýetirýär” diýip belleýär. Her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramçylygynyň Türkmenistan Watanymyzda giňden we dabaraly bellenip geçilmegi muňa aýdyň subutnamadyr. Aslynda hem suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak arkaly tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak türkmen halkynyň aňyna asyrlar boýy ornaşyp gelen milli aýratynlyklarymyzyň biridir. Ata-babalarymyz jana tenekar suwa belent sarpa goýup, ony keramat derejesine ýetiripdirler. Häzirki Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar.
Mähri DAŇATAROWA Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy