Halkymyz “At – myrat” diýýär. Özem ähli zamanlarda, ähli eýýamlarda bedew at türkmeniň myrady, halkyň maksadyna ýetmeginde uçar ganaty bolan.Taryhasiňe syn etseň merdana milletimiziň şan-şöhrat, abraý-mertebe eýesi bolmagynda bedew atyň ornunyň örän uludygyny görmek bolýar. Türkmeniň öz behişdi bedewini wasp edişi üýtgeşik. Onda milletiň bu jandan eziz gören jandara milli garaýşy bar. Türkmen üçin bedew atyň üsti tagty Süleýmandan zyýada. Halatly halkymyz “At agynan ýerde toý bolar” diýýär. Bedew at türkmen toýlarynyň bezegi. Türkmeniň behişdi bedewi onuň ýüreginiň parasy, ýow güni gardaşy, doganyndan, dostundan eý görýän syrdaşy. Ahalteke aty merdana milletimiziň dünýä beren beýik gymmatlygydyr, türkmeniň medeniýet dörediji halkdygyny nygtaýan, ony jahana äşgär edýän aýdyň alamatydyr. Güneşe baý türkmen topragynda köpeldilip, ösdürilip ýetişdirilýän behişdi bedewlerimiziň owadanlygyna, ýyndamlygyna dünýä haýran galypdyr. Bular barada daşary ýurt syýahatçylarynyň XVIII asyrda ýaşan italýan syýahatçysy Marko Polo şeýle belleýär: «Türkmenleriň atlary asylly, oňat we ýyndam bolýarlar». Wenger syýahatçysy Arminiý Wamberi baryp XIX asyrda şeýle ýazgy galdyrypdyr: “Türkmen atyny oňat bezeýär. Ahalteke bedewiniň boýy beýik we ýyndamlykda at-owazasy ondan-da beýikdir. Bedeniniň gurluşy sada we kellesi owadan, ýöreýşi haýbatly we gaty ýyndam”. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitaby ahalteke bedewlerini söýüjiler köpçüligi we bütin dünýäniň atşynaslary üçin uly sowgat boldy. Bu kitaplar ýurdumyzyň daşynda hem giň seslenme tapdy. Milli Liderimiziň: “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” kitabynda: “Gadymy türkmen taryhynyň tebigatynyň we zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden kemala gelen ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münülýän atlaryň görnüşlerindensaýlanyp, ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi. Ol özi barada ähli taryhy eýýamlarda mähirli ýatlama galdyrmak bilen dünýäniň medeni giňişliginde owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi” diýip, dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasy bolan ahalteke bedewlerine mynasyp baha berdi. Kasym BAÝRAMOW Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby