Türkmen bedew at bilen bagly nakyllarynda öz milli parasadyny, bütin aýdyňlygy, beýikligi, müň bir milli öwüşgini bilen orta atyp bilipdir: “At almankaň, eýer al”, “At almaz, seýis alar”, “At alsaň aslyn sora”, “At aljak bilen ogul öýerjege hudaý ýetirer”, “At bady bilen, ogul ady bilen”, “At rysky alnynda”, “At bilen aýalyň iýenini rysga tutma”. At bilen bagly şu nurana nakyllaryň her biri giden bir dünýä. Onda bedew at almaklyga baglap tutuş türkmen dünýäsi açylýar. Ol nakyllarda türkmeniň dünýä derejesine göterilen beýik däp-dessurlary görünýär. Bedew at barada atalar sözleriniň, at bilen bagly nakyllaryň köp bolmagy türkmeniň atşynaslygy sungat derejesinde belende göterendiginden habar berýär. Bedew at türkmeniň uçar ganaty bolupdyr, alys ýollary ýakyn edipdir.Türkmenler “Aty baryň ganaty bar, ogly baryň-döwleti”diýipdir.Bedew atly türkmeniň ýanynda müşgil iş bolmandyr. Ol “Atym bar, ne gamym bar” diýipdir. Türkmen aga gapysynda atynyň bolmagyny döwletlilik hasaplapdyr. Ol “Aty saklamak-döwlet”diýen pähim-parasady döredipdir.Nusgawy edebiýatymyzda türkmeniň bedew aty barada eser ýazmadyk şahyr ýok diýen ýaly. Aýdym edilip aýdylýan ol beýik şygyrlarda türkmeniň bedew at kimin atygsap duran ýüregi, egsilmez hyjuwy,görkli köňli pasly bahar kimin bark urup dur. Nusgawy şahyrymyz, uly söz ussadymyz beýik Magtymguly Pyragy behişdi bedewlerimiz barada söz merjen dänelerinden düzülen köňle ýakyn şygyrlarynda şeýle diýipdir:
Atda aýak bolsa özge syn bolmaz,
Ärde gaýrat bolsa,işi kyn bolmaz.
Türkmeniň bedew aty bilen bagly paýhaslary entek el degirilmän, gaýmagy bozulman şol gadymy durkunda ýatan hazyna. Olaryň her biriniň gönezliginde gursagyňa ruhy güýç-kuwwat guýýan milli hyruç, joşgun bar. Türkmeniň medeniýet dörediji halkdygyny nygtaýan, ony jahana äşgär edýän aýdyň alamatdyr. Behişdi bedew hem-de ony ýetişdiren beýik ynsanlar-seýisler maňzynda mert merdana kişi oturan nusgawy halk eserlerimiziň esasy gahrymanlarynyň biridir. Göroglynyň atasy Jygalybeg diňe bir seýis bolman, ol türkmeniň pähim-paýhasly danasy hem-de merdana milletimiziň beýik geňeşdarydyr.
Orazgeldi DURDYMYRADOW
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby