Ahal teke atlarynyň biziň günlerimize çenli öz arassa tohumlylygyny, sap ganlylygyny, owadan sypatyny, ýokary çapuw häsiýetlerini saklap gelmeginde biziň iriki döwürlerde ýaşap geçen meşhur seýislerimiziň goşandy ulydyr. Ata-babalarymyzyň ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda kämilleşdirip dünýä gymmatlyklarynyň hataryna, iň bir kämil nusgada goşan ahal teke atlaryny ösdürip ýetişdirmegiň özi hem bir sungat hasaplanylýar. Şonuň üçin geçmişde ahalteke atlarynyň asyrlar boýy kämilleşip gelmegine uly ýardam eden türkmen seýisçilik sungaty şu günki-günde öwrenere döwrebap mesele bolup durýar. Şeýlelikde, ata-babalarymyzyň bu hormatly hünäriniň inçeliginiň ýagny atlary seýislemegiň däbe öwrülen halk usullaryny we düzgünlerini gözlemegiň, ýazyp almagyň we öwrenmegiň häzirki döwürde diňe bir ylmy, taryhy däl, eýsem örän wajyp önümçilik ähmiýeti hem bardyr. Türkmen halky özüniň wepaly dosty, gamly güni gardaşy, toýly güni syrdaşy bolan bedewlerini aýap, ony toý-tomaşalarda gelin-gyzlaryny bezeýşi ýaly bezäpdirler, olary aýaýyşlary ýaly aýapdyrlar. Olara dürli şaý-sepleri, halydan, gaýyşdan edilen bezeglerdir-lybaslary dakypdyrlar. Olardan: “ala gaýyş”, “güdri güpjek”, “tylla gaýyşly eýer”, “mahmal derlik”, “çaprazly göwüsbent”, “ýüpek seçekli eýerlik” ýaly bezegler atyň görküne görk goşup, ony ruhy taýdan beýik, wagtyhoş eýleýär. Döwlet tugrasynda orun alan ahalteke bedewimiziň keşbi türkmen halkymyzyň milli gymmatlygy bolan nepis halylarymyzahem salyndy. Dürli tebigat şekillerini aňladýan halylarymyzda janlandyrylýan bedewlerimiz diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem dünýä halklarynyň ösen islegini kanagatlandyrmaga ýardam edýär. Özüniň taýsyz owadanlygy, arassa ganlylygy, ýyndamlygy bilen dünýäni baglan bedewlerimiz gelin-gyzlarymyzyň bu inçe sungatynda hem şol durky bilen täzeden jana gelýär. Goý, dünýä ýüzüne meşhur bolan ahalteke bedewlerimiziň at owazasy belende galsyn!
Bagtyýar KERİMBERDİÝEW Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby