Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekany hökmünde tanalyp, şan-şöhraty äleme dolýan ata Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşler, ýetilýän belent sepgitler kalbymyzy buýsançdan doldurýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Il-ýurt bähbitli işler ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirýär. Ýurdumyzda ýokary depginli durnukly ösüşi, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagy, önümçilik serişdeleriniňdir gurallarynyň üznüksiz döwrebaplaşdyrylmagyny, ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny we howpsuzlygyny üpjün edýän milli ykdysadyýetiň nusgasyny döretmek zerurlygy ileri tutulýan ugur bolup öňe çykýar. Ýurdumyzy ösdürmek boýunça döwlet tarapyndan alnyp barýan giň gerimli durnukly ösüş strategiýasynyň binýatlyk ugry iň täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp, diwersifikasiýalaşan häzirki zaman ykdysady gurluşy döretmekden ybarat bolup durýar. Bäsdeşligiň deň şertlerini döretmek milli ykdysadyýetiň düzümini kämilleşdirmek syýasatynyň esasy höweslendirijisi bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň ähli görnüşlerini we ýüze çykmalaryny doly möçberde üpjün etmek wajyp wezipedir. Ýurduň jemi içerki önüminiň düzüm üýtgemelerine döwlete dahylsyz bölek saldamly goşandyny goşýar. Hususy maýa innowasion ösüşe hem, ykdysadyýetiň anyk böleginde täze öňegidişlikleriň gazanylmagyna hem, ýokary bäsleşikli hyzmatlaryň ösüşine hem ýardam etmäge gönükdirilendir. Bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde diňe önümleri öndürmek bilen çäklenilmän, eýsem, olary amatly ýerlemek wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa, öz gezeginde, içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän önümlere islegi öwrenmegi talap edýär. Dünýä tejribesinde bu ugra döwrebap maglumat tehnologiýalary, hakykat ýüzünde — sanly ykdysadyýet ornaşdyrylýar. Ajaýyp zamanada ykdysady özgertmeler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmakda esasy ugur hökmünde öňe sürülýär. Döwlet durmuşynyň ähli pudaklaryny kämilleşdirmeklige, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin oňyn şertleri döretmeklige, raýatlaryň netijeli zähmet çekmekleri we oňat dynç almaklary üçin amatly şertleri üpjün etmeklige gönükdirilen işler oňyn netijelerini berýär. Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny artdyrmakda, halkymyzyň eşretli ýaşaýşy, Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda amala aşyrýan özgertmeleri ýurdumyzy geljekki ösüşleriň belentliklerine tarap öňe alyp barýar. Bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyzyň beýik işleri amala aşyrýan döwlet Baştutanymyza ýürekden çykýan alkyşlary egsilmeýär.
Bagtyýar KÖMEKOW Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby