Türkmen topragynda dörän gymmatlyk

  • 07.04.2026
  • Türkmen topragynda dörän gymmatlyk Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, köpeldip we ganyny arassa saklap, nesillerimize galdyrypdyr. Şonuň üçinem Türkmenistan – behişdi bedewleriň mekany hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdyr. Gahryman Arkadagymyz «Gadamy batly bedew», «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly ajaýyp kitaplaryny halkymyza peşgeş bermek bilen behişdi bedewlerimiziň waspyny dessan edip dünýä ýaýdy. Türkmen bedewleriniň at-abraýy ir zamanlardan bäri dünýa ýaýrapdyr. Baryp XIII asyrda Merkezi Aziýanyň üsti bilen uzak Gündogara geçip giden italýan syýahatçysy Marko Polo: “Men size aýtsam: bu ýerde öran gowy türkmen atlary we gymmatbaha halylar bar” diýip, “Dünýäniň täsinlikleri barada” diýen kitabynda ýazypdyr. Elbetde, halkymyzyň “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly eposlarynda hem bedew atlarymyzyň gözelligi, ýyndamlygy, wepadarlygy hakynda köp ýazgylar, goşgular bar. Nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragy, Seýdi, Magrupy, Mätaji ýaly şahyrlarymyz hem türkmen bedewiniň waspyny ýetiripdirler. Sebäbi türkmen jemgyýetinde bedew atlar soweşlerde mert ýigitleri myradyna ýetiryan, ýeňşe ýardam berýän ýakyn ýoldaş, syrdaş hökmünde görlüpdir. Dürli ýaryşlarda üstün çykýan ýelden ýyndam, boz toýnakly atlar toý-bayramlaryň-da bezegi bolupdyr. Şonuň üçin halkymyzda “Atdyr ýigidiň myrady”, “Irden turup ataňy gör, ataňdan soň–atyňy”diýen ýaly nakyllar döräpdir. Behişdi bedewlere olaryň dörän mekanynda – türkmen topragynda häzirki döwürde aýratyn belent sarpa goýulýar.

    Käkil GELDİMYRADOWA
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby
    Başga makalalar