Milli ykdysadyýetde bazar gatnaşyklarynyň ýaýbaňlandyrmagy hususy pudagyň giň gerimde ösmegine getirdi. Öndürilýän jemi içerki önümiň düzüminde pudagyň paýynyň ýylsaýyn ýokarlanmagynyň oňa döwlet tarapyndan berilýän ykdysady we hukuk goldawynyň netijesinde mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň has-da çuňlaşýandygyny, hususan-da, täze iş orunlaryny döretmekde, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmekde uly mümkinçilikleri özünde jemleýän telekeçilik işiniň ösdürilýändiginiň güwäsidir. Tejribeden belli bolşy ýaly, önümiň hili onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň esasy görkezijisi bolup durýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda alnyp barylýan maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine ýardam berýän şertleriň biridir. Alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň ýörelgeleriniň, durmuş-ykdysady şertleri nazara almak bilen, sagdyn garaýyşlaryň esasynda işlenip düzülmegi onuň ykdysady taýdan netijeli bolmagyna oňyn täsir edýär. hususan-da, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki hojalyklaryň maýa goýum işjeňligini artdyrmak, eksporta gönükdirilen önümçiligi ösdürmek, ony döwlet tarapyndan goldamak ýörelgeleri esasynda amala aşyrmak bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýän şertdir. Önümçilik bilen ylmyň arabaglanyşygyny işjeňleşdirmek, innowasion tehnologiýalara esaslanýan pudaklara çekilýän maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi dowam etdirmek, işewürler we maldarlar üçin özüne çekijiligi artdyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriniň möhüm ugurlaryna degişli. Milli ykdysadyýetimizi uzak möhletleýin esasda ösdürmäge gönükdirilen wezipeler öňdebaryjy ylmy taglymatlar, innowasion tehnologiýalar arkaly ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmagy maksat edinýär.
Bagtyýar KÖMEKOW Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby