Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýazan kitaplary, hem-de uly tagallalary bilen döredilen eserleri gymmatly hazyna bolup çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hemaýaty bilen çap edilen gymmatly neşirleriň biri-de “Paýhas çeşmesi” kitabydyr. Bu kitapda saýlanyp alnan, häzirki döwürde-de öz ähmiýetini ýitirmän gelýän halk döredijilik eserleriniň liriki žanryna degişli bolan nakyllar öz mynasyp ornuny tapýar. “Paýhas çeşmesi” kitabynda türkmen halk döredijiliginiň merjen däneleri bolan nakyllar toparlara bölünip ýerleşdirilipdir. Kitabyň “Kalba – ynam, köňle – ylham” diýen bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň okyjylara ýüzlenmesinde: – Milli miras ynsan kämilliginiň gözbaşydyr, nepisligiň hem-de gözelligiň altyn täjidir – diýip belleýär. Kitapda “Pederlerimiziň pähim-paýhasyndan syzylyp şu günlerimize gelip ýeten parasatly sözleri halkymyzyň durmuşyny, ykbalyny sözüniň hem-de sazynyň şirinlik gymmatyny özünde jemleýän hazynamyzdyr, gözelligiň göwher gaşydyr” – diýen sözler hem bar. “Paýhas çeşmesi” atly kitap nakyllar ýygyndysy bolup, onda adamyň durmuşyndaky esasy bäş sany ugra üns berilipdir, olar: watançylyk we gahrymançylyk, edep-terbiýe we ahlak, ylym-bilim we hünär, tebigat we zähmet hem-de durmuş pelsepesi. “Paýhas çeşmesi” kitabynda terbiýäniň ähli ugurlary barada ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne sözleri bolan nakyllar hem-de atalar sözleri berlipdir. “Paýhas çeşmesi” kitaby halkymyz tarapyndan, hem-de ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda çuňňur öwrenilýär. Ol adamlaryň, hususan-da, biz ýaşlaryň ýan kitabymyza öwrüldi.Türkmen halkynyň Milli Lideriniň türkmen halkynyň baý medeni mirasyna bagyşlanan, türkmen nakyllaryndan ybarat bolan düýpli bu işi birnäçe dillere terjime edildi. Çünki, “Paýhas çeşmesi” kitaby nesillere paýhas hem terbiýe hazynasy, gymmatly gory hökmünde hyzmat edýär.
Musa ŞAMYRADOW Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby