At ýigidiň ganatydyr

  • 08.04.2026
  • At ýigidiň ganatydyr Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlygymyz bolan ahalteke atlarymyzyň sarpasy belent tutulyp, atlara goýulýan hormat has-da artdy, olara berilýän üns güýçlendirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda özüniň milli medeni mirasy bilen tutuş dünýäniň ösüşine mynasyp goşandyny goşan türkmen halkynyň baý medeniýetini, sungatyny ylmy esasda öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredildi. Her bir halkyň ýüzi, onuň dünýä medeniýetine goşan goşandy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenýär. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip bilen halk. Şol maddy gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwün hoşy, ýowly günde baş ýoldaşy, halk zehininiň mähek daşy, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke behişdi bedewlerimizdir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygyndabiziň ahalteke behişdi bedewlerimiz barada, olaryň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak barada uly aladalar edýär. Milli Liderimiz öz atşynas pederleriniň ata-baba ýoluny dowam etdirip, atçylyk sport toplumlaryna ýygy-ýygydan at münmäge gelip, behişdi bedewlerimiz bilen ýakyn didarlaşyp durýar. Ol özüniň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri bilen meşgullanýan gyzyldan gymmatly wagtynyň arasyndan wagt tapyp, behişdi bedewlerimiz barada kitaplary hem ýazýar. Milli Liderimiziň ahalteke bedewlerimize bagyşlap ýazan “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly ylmy kitabynyň halkymyza ýetirilmegi türkmen halkymyza, esasan, atçylyk bilen gyzyklanýan ahalteke bedewlerimiziň janköýerlerine uly sowgat boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly fundamental işi atçylygyň taryhy bilen bagly gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Ähmiýeti boýunça ýokary derejeli bu eser ahalteke atlarynyň kemala gelen gadymy topragynyň Türkmenistandygyny anyk maglumatlar esasynda subut edip, ahalteke atlarynyň iň gadymy tohum atdygyny tassyklaýar.

    Bagtyýar KÖMEKOW
    Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby
    Başga makalalar