Bedew ösüşleriň we rowaçlygyň nyşany

  • 09.04.2026
  • Bedew ösüşleriň we rowaçlygyň nyşany Türkmen halkynyň geçmişdäki şöhratly, gahrymançylykly ýoly jandan eý görýän bedewi, onuň wepalylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen ýigidiniň gaýraty, batyrlygy, duýgurlygy, wepalylygy bedewlerimize-de mahsus. Şöhratly taryhymyzdan belli bolşy ýaly, bedew atlarymyz agyr söweşlerde gowga-gohlardan heder etmän, duşman üstüne okdurylypdyr, her bir kyn pursatda hem ynsan kimin duýup, eýesine ýaran bolupdyrlar. Ine, şu aýratynlyklary üçinem türkmen öz bedewini özüne dost, syrdaş saýypdyr. Gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýan şol jebislik, mähribanlyk, ysnyşyk hiç wagt gowşaman, gaýtam has berkäp, biziň häzirki günlerimize gelip ýetipdir. Dünýäniň atşynas alymlarynyň aýtmaklaryna görä, ahalteke bedewleri dünýäniň ähli naýbaşy atlarynyň asly bolmagyndan başga-da, Allatagala ony aýratyn söýgi, üýtgeşik bir gudrat bilen ýaradypdyr. Biziň janymyz-tenimiz bilen söýýänligimiz, sarpasyny belent tutýanlygymyz hem, megerem, şonuň üçin bolsa gerek. Atababalarymyzyň zähmeti hem zehini bilen kemala gelen atçylyk sungatyna halkyň kämil dünýägaraýşy, çuň pelsepesi, geçmişi siňendir. Aýlawlary baglan, ýedi yklyma at-owazasy ýaýylan türkmen bedewleriniň waspy, şöhraty bu gün dillerde dessan. Döwletimiziň ähli welaýatlarynda atçylyk sport toplumlarynyň açylmagy, ştab-kwartirasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hereket etmegi behişdi bedewlerimiziň dünýä derejesinde uly şan-şöhrata eýe bolandygynyň nyşanydyr. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde atçylygyň we atly sportuň dürli ugurlary boýunça bu ugurdan ýaş hünärmenleri halkara derejede taýýarlamak, ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, taryhyny, seýisçilik we tohumçylyk seçgi işlerini ylmy taýdan düýpli öwrenmek maksady bilen, häzirki wagtda Arkadag şäherinde Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Atçlyk ylmy-önümçilik merkezi guruldt. Şeýle hem türkmen we daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berlip, olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlar dakylýar. Olimpiýa stadionyndaky atyň heýkeliniň Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

    Dawut AZADOW
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby
    Başga makalalar