Ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly özgertmeler

  • 09.04.2026
  • Ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň durnukly depginini üpjün etmek we bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirmek maksady bilen sanly tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy halkara tejribelerini ornaşdyrmak esasy ugurlaryň birine öwrüldi.Ýurdumyzda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ýola goýulmagyny üpjün eder. Sanly ulgam durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumatvaragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artdyrylmagyna, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, esasy önümçilik-ykdysady işleriniň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder. Şeýle hem sanly aragatnaşyk babatda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudyň aradan aýrylmagyna we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da özgerdilmegine giň mümkinçilikler açylar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi maglumat kommunikasiýa amatlyklaryny, maglumatlaşdyrmak amatlyklaryny göz öňünde tutýar. Şunlukda, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda we sebitlerinde işlenip taýýarlanýan maglumat ulgamlary umumy döwlet awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyna birikdiriler. Ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly özgertmeler ýurdumyzyň ulag logistika ulgamynyň awtomatlaşdyrylmagyny, senagat, ulag, oba hojalygy, elektron söwds ulgamlarynda, döwlet dolandyryş we döwlet hyzmatlary, maliýe we bank, bilim, saglygy goraýyş we ýaşaýyş jaý jemagat hyzmatlary ulgamlarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Maglumataragatnaşyk ulgamlarynyň amatlyklaryny ilat üçin elýeterli etmek, aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudagyny ösdürmek arkaly ilatyň ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmagy ýola goýulýar.

    Bagtyýar KÖMEKOW
    Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby
    Başga makalalar