Ykdysady özgertmeler

  • 11.04.2026
  • Ykdysady özgertmeler

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler, ilkinji nobatda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ýurdumyzy ylmyň, tehnologiýanyň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmaga gönükdirilendir. Türkmenistan döwletimizde iň täze tehnologiýalary peýdalanmak, innowasion önümçiligi ýola goýmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga niýetlenilen ykdysady özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işlerde ösen ýurtlaryň baý tejribelerinden ugur alynýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Ykdysady özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda ösen önümçilik düzümi, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamy bolan, esasy zat bolsa, adam maýasy bilen ýokary derejede üpjün edilen milli ykdysadyýetiň döredilendigini häzir biz ynamly aýdyp bileris» diýip nygtaýar. Garaşsyz döwletimizde milli ykdysadyýetimize daýanýan döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde sanly ykdysadyýet ulgamy işjeň hereket edýär. Döwlet syýasatynyň esasy maksady ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaklaryny elýeterli etmekden ybarat. Bu wezipäni durmuşa geçirmegiň ilkinji şerti bolsa — kämil bilimli şahsyýetleri kemala getirmekdir. Şonuň üçin-de ýurdumyzda kämil pikirli, sagdyn bedenli, ruhubelent ýaş nesilleri ýetişdirmek, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny gazanmak üçin döwrebap ylym-bilim ulgamyny döretmek ýaly meseleler esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Şol aladalaryň baş maksady hem türkmen ýaşlaryna dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny elýeterli etmekdir. Ýurdumyzda sanly ulgamyň şeýle mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ýolunda durmuşa geçirilen işleriň iň wajyplarynyň biri hökmünde bilim portalyny görkezmek bolar.

    Bagtyýar KÖMEKOW
    Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby


    Başga makalalar