Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary nestijesinde Arkadag şäherinde iri çäreleridir forumlary geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezinde ýerleşen eziz Watanymyz häzirki wagtda meşhur ýoly täze taryhy ýagdaýlarda gaýtadan dikeltmek işine işjeň gatnaşýar. Şonuň bilen birlikde sebitde ilkinji akylly şäher bolan Arkadag işewürlik we syýahatçylyk merkezine öwrülip, daşary ýurtly myhmanlaryň has-da köpüsini özüne çekýär. Ata Watanymyzyň Arkadag şäheri bu gün döretmegiň we özgertmegiň ata-baba däplerine eýerilip gurulýan, ýaşaýjylar üçin hem, oňa gelýän myhmanlar üçin hem ähli amatlyklary bolan şäher hökmünde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kämil binagärlik sungaty bilen merjen şäherimiz şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde gurlan akylly binalardyr desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Söýenç AHMEDOW
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy