Meniň üçin “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” aýratyn ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Harplykdan başlap, dünýä täsinliklerini we syrlaryny öwreden orta mekdebimi tamamlap, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby diýen ada mynasyp boldum. Lukman bolmak arzuwym heniz çagakam döredi. Lukmanlar halkyň saglygyny gorap elmydama halkyň arasynda uly hormata eýe bolýarlar. Lukmançylyk kärine bolan höwesim, mekdep sapaklaryndaky derslerimi has çyňlaşdyryp öwrenmekligime itergi berdi we meniň bu yhlasym, zähmetim biziň döwletimizde geçirilýän “Altyn Asyryň Altyn zehinleri” atly ders bäsleşikleriniň çäginde geçirilýän “Biologiýa” dersi boýunça gatnaşmaklygyma itergi berdi. Bu bäsleşik, türkmen ýaşlarynyň arasynda geçirilip öz bilimiňe we başarnygyňa baha bermekde örän ähmiýetli boldy. Men “Altyn Asyryň Altyn zehinleri atly” bäsleşiginiň çägindäki “Biologiýa” dersi boýunça şäher, welaýat tapgyrlarynda ýeňiji boldum we jemleýji tapgyrynda I orna mynasyp bolup, Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň Hormat hatlaryna mynasyp boldum.
Biziň ýurdumyzda halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamaklygy üçin döwlet derejesinde uly işler amal edilýär. Biz ýaşlara döredilýän mümkinçiliklerden doly peýdalanyp göwün söýen kärimiziň eýeleri bolmaklygy üçin maksadymyza tarap rowana bolýarys. Şeýle pursatlary döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik başlary aman bolsun!
Seýitahmed SATLYKNEPESOW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby