İŇ GYMMATLY BAÝLYK BİLİMDİR

  • 22.10.2025
  • İŇ GYMMATLY BAÝLYK BİLİMDİR Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şondan ugur alyp, ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine çykýan ýurdumyzda eziz Watanymyzyň röwşen geljeginiň kepili bolan nesil terbiýesine berilýän üns barha güýçlenýär. Sebäbi ösüp gelýän ýaş nesli hakynda alada kämil jemgyýeti, hukuk döwletini gurmagyň, demokratiýany ösdürmegiň, raýatlaryň we gülläp ösüşiň bähbitlerine häzirki zaman hukuk döwletiniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, şahsyýetiň hukuklarynyň we azatlyklaryny goramagyň, halkyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň ilkinji zerur şertleriniň biridir. Bilim ulgamy milletiň kämil neslini kemala getirmekde we innowasiýalary döretmekde esasy ulgamlaryň biridir. Bilim pelsepesine laýyklykda, jemgyýetiň maksatlarynyň şahsyýetiň maksatlaryna barabar bolmalydygyny aýratyn bellemek gerek. Häzirki döwürde bilim ulgamynyň esasy wezipesi ösen jemgyýetde ýaşamaga we döretmäge ukyply raýatlary taýýarlamakdan ybaratdyr. Türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin döwründe ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň baý durmuş tejribesini, parahat durmuşa bolan söýgüsini görkezýän, bütin dünýäni jebislige, abadançylyga çagyrýan eserleri kalbymyza nur çaýýar. Bu babatda Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaby, «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgulary möhüm orna eýedir. Häzirki ösüşli menzillerimizde hemişelik Bitaraplygyň we mukaddes Garaşsyzlygymyz biziň her birimiz üçin egsilmez buýsanç çeşmesidir.

    Musa ŞAMYRADOW
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby
    Başga makalalar