İň uzyn köçeler

  • 31.07.2025
  • İň uzyn köçeler

    Adatça, ilatly ýerleriň, şäherleriň çägindäki hereket zolaklaryna köçe, ilatly ýerleriň arasyndaky hereket zolaklaryna ýol diýilýänem bolsa, biz dünýä ýüzünde bu kadanyň özgerip, köçeleriň şäherden daşa çykyp, indiki şäherlere, ilatly ýerlere çenli uzaýandygynyň şaýady bolýarys.
    Eýsem şeýle köçeleriň iň uzak aralyga uzaýanlary haýsylarka?
    Kanadanyň Toronto şäherindäki Ýang-Strit köçesi 1 müň 896 kilometre uzaýar. Rowaýatlara we käbir taryhçylaryň ynandyrmalaryna görä, bu köçe köne indeý ýodasynyň ugry boýunça gurlupdyr. Ol Ontario kölüniň kenaryndan başlanyp, Toronto şäherini ikä bölüp geçýär we Kokreýn şäherjiginiň ýanyndan öwrüm edip, Minnesota ştatynyň serhedine çenli baryp ýetýär.
    Taýlandyň paýtagty Bangkok şähäerindäki Sukhumwit köçesi ýurduň we tutuş Aziýanyň çäginde iň uzyn köçe diýlip hasap edilýär. Onuň uzynlygy 491 kilometre ýetýär. Ol öz ugrunda şäherjikleriň we welaýatlaryň birnäçesini kesip geçýär.
    Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki Primorskiý şossesi 170 kilometr aralygy özüne birikdirýär. XX asyryň altmyşynjy ýyllarynda gurlan bu köçe öz ugrunda geçen asyrlaryň täsin binagärlik aýratynlyklaryny özlerinde jemleýän taryhy binalar bilen birlikde häzirki zaman binagärliginiň jaýlaryny jemleýär.

    İnternet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy

    Başga makalalar