Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek boýunça iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sebit we halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolup durýan awtomobil, demir ýollaryň, täze köprüleriň, howa menzilleriniň, Merkezi Aziýanyň «deňiz derwezesi» hasaplanýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurulmagy, şu ýylda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köprüniň gurluşygy, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gury ýük gämileriniň gurluşygyna girişilmegi ulag ulgamynda ägirt uly kuwwatyň bardygyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz belent sepgitlere ýetdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwlet tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ýurdumyzda döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işler alnyp barylýar. Sebit we milli derejedäki maýa goýum taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkidýär. Golaýda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga we ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga gowy şert döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Döwlet býujeti ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Ykdysadyýeti özgertmek, innowasion ösüşi gazanmak, hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileri artdyryldy. Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Orazmuhammet AŞYROW Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby