BİTARAPLYK TÜRKMEN DÖWLETİNİŇ BERKARARLYK SÜTÜNLERİNİŇ BİRİDİR
28.10.2025
Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu netijeli strategiýada abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyzy GDA-nyň döwletleri bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ysnyşykly taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Munuň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistan Watanymyz kuwwatly ykdysadyýeti bolan döwlete öwrüldi. Ähli pudaklarda uly üstünlikleriň, ösüşleriň gazanylmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy munuň aýdyň netijesidir. Türkmenistan dünýäniň dürli döwletleri, abraýly halkara guramalary, hususan-da, BMG bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň görnüşde amala aşyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabat parahatçylyk söýüjiligiň, dost-doganlygyň has-da berkeýän şäheri. Biz muny baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barha golaýlaşýan günlerimizde has-da aýdyň duýýarys.
Döwlet KERİMOW Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýa kafedrasynyň assistenti