Täze taryhy döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, giň möçberli toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bu strategiýa ýurdumyzy innowasion esasda ösdürmäge, döwlet tarapyndan ilata berilýän goldawyň ýokary derejesini üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilendir. Eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady strategiýasynyň baş maksadydyr. Bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlary milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalarda aýdyň beýanyny tapýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we täze tehnologiýalar esasynda ösüş ýoly bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ylmyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp şertine öwrülýär, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar, kuwwatly, ýokary derejede ösen, bäsdeşlige ukyply, ylmy esasly önümçilikler ýola goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» bolsa bu ugurda berk hukuk binýadyny döredip, türkmen ylmyny dünýä derejesine çykarmagyň täze gözýetimlerini açýar.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda ylym we bilim döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, dünýäniň ykdysady, ylmy-medeni giňişligindäki ornuny pugtalandyrmagyň berk binýadyna öwrülip, häzirki günde bu ulgamlary döwrebaplaşdyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Işlenip taýýarlanan konsepsiýalar, strategiýalar, maksatnamalar esasynda bilim işi ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirilýär, ylymly-bilimli, watansöýüji nesil kemala getirilýär, ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar, ylmy barlaglar iňňän möhüm, geljegi uly ugurlarda gönükdirilýär, oýlap tapyşlar, ylmy-tehniki gazanylanlar milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylýar.
Resul ABDYRAHİMOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby