BİLİMLİ NESİL-KUWWATLY WATAN

  • 01.11.2025
  • BİLİMLİ NESİL-KUWWATLY WATAN

    Ylym-bilim — durmuşymyzyň, ýaşaýyşymyzyň, ösüşimiziň özeni. Şol sebäpli ýurdumyzda her ýyl bilim ulgamynyň ösdürilmegine köp möçberde serişdeler gönükdirilýär. Paýtagtymyzda we Diýarymyzyň ähli sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän mekdebe çenli edaralar, umumybilim berýän orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleriniň täze toplumlary gurulýar. Hususan-da, häzirki wagtda Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binalar toplumlarynyň gurluşyklary alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özüni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Häzirki döwürde bu ulgam hakyky ösüşlere eýedir. Ýurdumyzyň ýaşlary Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine belent maksatlardyr wezipelere ýetmekde, onuň dünýä giňişligindäki abraýyny artdyrmakda, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýärler. Bilşimiz ýaly, ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesil hem kemala gelýär. Watanymyzyň ähli künjeginde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary, paýlaýjy elektrik beketleri bina edilýär we işe girizilýär. Ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek, utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýalary gurmak meýilleşdirilýär. Biz ýurdumyzda ylmy, bilimi, ykdysadyýeti we senagaty ösdürmekde dünýä derejeli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, il-ýurt başlangyçly döwletli işlerinde hemişe rowaçlyk arzuw edýäris.

    Baýramgül ATAŞOWA
    Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 16-njy çaglar-bakja bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi

    Başga makalalar