Türkmenistan — dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri

  • 06.11.2025
  • Türkmenistan — dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek bolsa öňde goýlan maksatlara ýetmäge möhüm şert döredýär. Türkmenistan bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri ileri tutýar, innowasion tehnologiýalary, ykdysady taýdan netijeli çözgütleri giňden goldaýar. Her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahat we sergi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam edýär. Türkmenistan — dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri. Muny türkmen geologlarynyň açan, Ýer ýüzünde iri känleriň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň tassyklanan gorlary-da aýdyň görkezýär.Şu ýylyň sentýabrynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Şatlyk gaz känler toplumynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň gurluşygyna girişildi. Munuň özi «Galkynyş», «Döwletabat», «Ýaşlar» we beýleki iri gaz ýataklaryndan çykarylýan tebigy gazyň eksport kuwwatyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Her ýyl geçirilýän nebitgaz forumy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden tanyşdyrmak, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň hünärmenleriniň, Ýewropa, Aziýa, Amerika yklymlarynyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary işe girizmek, dünýädäki ýagdaýlar hem-de pudagyň geljekki ösüş ugurlary bilen tanyşmak üçin oňyn meýdança bolup hyzmat edýär. Halkara forumda deňiz ýalpaklyklarynda uglewodorodlary gözlemek we kenarýaka düzümleri kemala getirmek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, kärhanalarda ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmak ulgamyna degişli geljegi uly işläp taýýarlamalara hem-de ekologiýa boýunça täzeçilliklere hem aýratyn orun berilýär. Nebitgaz pudagynda bolşy ýaly, metallurgiýa, himiýa, maşyngurluşyk, energetika, senagat pudaklaryna ýöriteleşen, ýokary tehnologik we tehniki kuwwata eýe bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri-de öz önümlerini tanyşdyrmak bilen, gatnaşyklarynyň gerimini ep-esli giňeltmäge işewürlik hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik alýarlar.

    Öwezmyrat ANNASÄHEDOW
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby
    Başga makalalar