Radionyň jemgyýetdäki orny

  • 07.11.2025
  • Radionyň jemgyýetdäki orny

    Taryha ser salanymyzda, 1895-nji ýylda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen fizikleriň we himikleriň ylmy ýygnagynda rus fizigi, tanymal alym Aleksandr Stepanowiç Popow ilkinji radiony köpçülige ýetirdi. Alymyň tanyşdyran radiosy ilkinji simsiz aragatnaşyk arkaly gurnalan bolmagy bilen hem tapawutlanýar. Bu möhüm sene ilkinji gezek resmi ýagdaýda Russiýada, 1925-nji ýyldan bäri bolsa köp sebitlerde bellenilip, 1945-nji ýylda radionyň oýlanyp tapylmagynyň 50 ýyllygy bellenilip geçildi. Häzirki biziň günlerimizde beýleki habar beriş serişdeleri bilen bir hatarda, radio möhüm aragatnaşyk we habar beriş serişdesi hökmünde durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ylmyň ösmegi bilen radio bilen baglanyşykly radio-gözegçilik, radio astronomiýasy, radiotelefon, radiotelegraf ýaly täze ugurlar hem kemala geldi we netijeli üstünlikler yzygider gazanylýar. Bu ugurlaryň gazananlary hem-de radionyň oýlanyp tapylmagy radio nawigasiýa, aragatnaşyk, simsiz maglumat çalşyk ulgamlaryny we dünýä internet toruny hem döretmeklikde özen bolup hyzmat etdi. Radionyň döredilmegi beýleki köp sanly ylmy we tehnologiki açyşlaryň başlangyjy boldy. Bu bolsa radionyň jemgyýetdäki ornuny açyp görkezýär.

    İnternet maglumatlary esasynda taýýarlandy 

    Başga makalalar