Häzirki döwürde ösüşiň täze derejesine çykarylýan atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da döwrebaplaşdyrylýar. Türkmen atşynaslygynyň bu ugurdaky halkara tagallalara goşulyşmagy bolsa bedewleriň baş sanynyň artdyrylmagynda, dünýä atçylygynda Türkmenistanyň öňdäki orunlarda ykrar edilmeginde ähmiýetli ädim bolup durýar. Şunda döwlet Baştutanymyz ylmy-barlag hem-de seçgiçilik işleriniň alnyp barylmagyny, bu işlerde dünýä tejribesiniň, täze tehnologiýalaryň özleşdirilmegini, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegini, milli atçylyk sportuny mundan beýläk-de ösdürmegi möhüm ugurlary hökmünde kesgitledi. Bularyň ählisi ahalteke bedewleriniň täze neslini ösdürip ýetişdirmäge, olaryň şöhratyny artdyrmaga gönükdirilendir. Eziz Diýarymyzda, şol sanda Arkadag şäherinde atşynaslar uly hormat-sarpa bilen gurşalandyr. Şeýle ussat atşynaslaryň biri ussat seýis, zehinli atşynas-seçgiçi hökmünde tanalýan meşhur Aba Annaýewdir. Türkmen atşynaslyk sungatyny ösdürmäge, onuň gadymy däplerini nesilden-nesle geçirmäge, ady rowaýata öwrülen ahalteke tohum atlaryny gorap saklamak we kämilleşdirmek işine uly goşant goşan Aba Annaýewiň bitiren hyzmatlary uludyr. Ol ahalteke bedewleriniň tohum arassalygynyň saklanylmagynda tagallalaryny gaýgyrmandyr. Merdana ata-babalarymyz täsin, ynsana mahsus duýgurlygy, eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýan atlaryň seçgiçilik işiniň kämilleşdirilmegine hemişe uly üns beripdirler. Olar ýelden ýüwrük bedewleri ösdürip ýetişdirip, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy geljek nesillere miras galdyrypdyrlar. Türkmen atşynaslary bilen birlikde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlary, talyplary, Arkadag şäheriniň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri häzirki döwürde bu işi mynasyp dowam etdirýärler. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallalary häzirki wagtda öz oňyn netijesini berýär. Ahalteke bedewleri baradaky ajaýyp kitaplaryň awtory, tejribeli, ussat çapyksuwar Gahryman Arkadagymyzyň maksada okgunly, döredijilikli işi arassa ganly bedewleri ösdürip ýetişdirmek ýörelgeleriniň dikeldilmegine, aýawly saklanylmagyna ugurdaş düzümiň kemala getirilmegine, at üstündäki milli oýunlary, atly sportuň görnüşlerini dünýä ýaýmaga ýardam etdi.
Söhbet ÇARYÝEW
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atçylyk we seýisçilik kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi