Garaşsyzlyk – ösüşleriň binýady

  • 08.09.2025
  • Garaşsyzlyk – ösüşleriň binýady Ýenede sanlyja günlerden ýurdumyzyň baş baýramlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy ýurdumyzda giňden we dabaraly ýagdaýda belleniler. Bu şanly senäniň ýurdumyzyň taryhynda tutýan orny aýratyn ähmiýetlidir. Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistan giň gerimli özgertmeleri amala aşyryp, döwlet gurluşygynda, ykdysadyýetde, jemgyýetçilik durmuşynda we halkara gatnaşyklarynda uly üstünliklere ýetdi. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň resmi yglan edilmegi bilen, ýurdumyzyň halky öz ykbalyny özi kesgitlemegiň, özygtyýarly döwlet bolmagyň ýoluna düşdi. Şol pursatdan bäri Türkmenistan halky özbaşdak ösüş ýoluny saýlap, durnuklylygyň we bitaraplygyň nusgalyk döwletine öwrüldi.1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyza halkara giňişliginde aýratyn hukuk ýagdaýyny üpjün etdi. Bu derejesi bilen Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda parahatçylyk döredijilikli gatnaşyklaryň güýçlendirilmegine mynasyp goşandyny goşýar.
    Geçen 34 ýylyň dowamynda Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda giň möçberli taslamalary amala aşyrdy. Nebit-gaz pudagy, senagat, oba hojalygy, ulag-logistika ulgamy döwrebaplaşdyryldy. Energiýa geçirijileri, halkara derejeli awtomobil we demir ýollary, gaz geçirijileri işe girizildi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň artmagyna we daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň giňelmegine şert döretdi. Şähergurluşyk ulgamynda-da uly üstünlikler gazanyldy. Aşgabat şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, hassahanalar, sport toplumlary we medeniýet merkezleri gurlup ulanylmaga berildi. Ylym-bilim ulgamynda döwrebap ýokary okuw mekdepleri açyldy, ýaşlara halkara derejesindäki bilim almak mümkinçilikleri döredildi.
    Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy ýurtlaryň arasynda parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny hem görkezýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän döwletara dialogy, özara hormat goýmak, içerki işlere gatyşmazlyk ýaly ýörelgeleri halkara derejesinde giňden goldanylýar. Türkmenistan birnäçe iri halkara forumlaryň, maslahatlaryň hem-de konferensiýalaryň meýdançasyna öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli aýratynlyklary, medeni mirasy, däp-dessurlary hem giňden öwrenildi we dünýä ýaýradyldy. Halkymyzyň gadymy taryhy, edebi mirasy we sungaty häzirki döwrebap ruh bilen sazlaşykly ösüşe eýe boldy.

    Umytgeldi ANNABERDİÝEW
    Türkmen döwlet medeniýet inistitutynyň Medeni miras fakultetiniň Çeper höwesjeň aýdym-saz toparyny döretmek we dolandyrmak taýýarlyk ugrynyň 2-nji ýyl talyby
    Başga makalalar