«MAGTYMGULY ŞAHSYÝETDİR, MAŞGALADYR, JEMGYÝETDİR»

  • 23.10.2025
  • «MAGTYMGULY ŞAHSYÝETDİR, MAŞGALADYR, JEMGYÝETDİR» Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Magtymguly şahsyýetdir, maşgaladyr, jemgyýetdir, döwletdir. Akyldar şahyrymyzyň tutuş döredijiligi şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň we tebigatyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmeklige gönükdirilendir» diýip belleýär. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy indi üç ýüz ýyl bäri öz ady hem-de gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmen halkyny şöhratlandyryp gelýär. Dana Pyragy türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy. Beýik akyldaryň: «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Bu gün görnükli türkmen akyldary hem-de filosofy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda ýurdumyzda, daşary döwletlerde giňişleýin we çuňňur öwrenilýär. Görnükli söz ussadynyň täze joşgunda, belent ruhda ýaňlanýan şygyrlary häzirki döwürde dünýäniň halklary bilen dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň-de waspçysyna öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar türkmen döwleti özüniň häzirki döwründe ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriniň halkymyz we onuň bähbitleri, abadançylygy baradaky aladalardan gözbaş alýandygyny ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän taslamalar, alnyp barylýan durmuş ugurly işler aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Beýik akyldaryň arzuwlaryny amala aşyran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

    Guwanç ARAZBERDİÝEW
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby
    Başga makalalar