«Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr»

  • 06.11.2025
  • «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr»

    Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygrynda: «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyz «Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitaplarynda we beýleki eserlerinde türkmen Bitaraplygynyň taryhy gözbaşlarydyr aýratynlyklary barada düýpli söhbet edilip, munuň özi Bitaraplyk diplomatiýamyzyň asyl many-mazmunyna düşünmäge mümkinçilik berýär.
    Halkara jemgyýetçilik tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty esasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň dostluga, agzybirlige, raýdaşlyga çagyryşlary bu günki günde işjeň durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda dünýäde ynanyşmagy, özara düşünişmegi pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden belleniler.
    Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýyl uly üstünliklere beslenýär. Şol üstünlikler halkymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy netijesinde gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň her birimiziň durmuşymyzy düýpgöter özgerdýän maksatlarymyz hasyl bolýar, ýurdumyzy dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmakda täze belent sepgitlere ýetilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ygtybarly, jogapkärli we ynamdar hyzmatdaş hökmünde Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar.
    Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, hemişelik Bitarap, asuda, parahat ýurtda agzybir ýaşaýan, döredýän we gurýan türkmen halkynyň maksatlary mydama bagta rowana bolýar. Bu ajaýyp taryhy eýýamda, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer syýasatyny Ýer ýüzünde dabaralandyrýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň röwşen geljegine bolan synmaz ynam her bir türkmenistanlyny döredijilikli, halal zähmete ruhlandyrýar.

    Şemşat ARTYKGULYÝEWA
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby

    Başga makalalar