Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, lukmançylyk ulgamyna häzirki döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga döwletimiz tarapyndan köp serişdeler goýberilýär. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, sebitlerimizde dünýä ölçeglerine laýyk enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, şypahanalar, sport toplumlary yzygiderli gurlup, pudagyň üpjünçilik ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk kömegi ýola goýlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalary esasynda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän bejeriş-anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, saglyk öýleri yzygiderli gurlup, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna şöhratly sahypalar ýazylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasaty esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Lukmançylyk edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda bu ulgamyň düzümleri giňeldilip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar, iň gowy dünýä tejribeleri we lukmançylyk ulgamyndaky gazanylanlar işjeň ornaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilaty bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, öňüni alyş işlerini geçirmek, dürli gelip çykyşly keselleri irki döreýiş wagtynda anyklamak we netijeli bejermek möhüm wezipeleriň biridir. Ýurdumyzyň ähli künjeginde daşary ýurtly önüm öndürijileriň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylan döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, ugurdaş desgalaryň gurulmagy hem-de ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy bilen, türkmenistanlylar halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik aldylar.
Selbi AMANOWA Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiri, uly mugallym