Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler giň gerimi hem-de täzeçilligi bilen tapawutlanýar. Halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy hakynda atalyk aladasyny edýän Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan giň gerimli işleri çagalaryň ençemesiniň arzuwlaryna ganat, geljegine umyt berdi. Mälim bolşy ýaly, halkyň saglygyny goramak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen köp sanly saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi ilatyň saglygy hakyndaky aladanyň döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanýandygyny aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatyndaky taryhy çykyşynda halkymyzyň saglygynyň, abadan we bagtyýar durmuşynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine ünsi çekdi. Saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän, elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän bu önümler geljekde dünýä bazarlarynda uly orny eýeleýär. Halkymyzyň saglygyny goramagy, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmagy iň uly maksat edinen Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Sona ARTYKOWA Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gistologiýa, sitologiýa we embriologiýa kafedrasynyň mugallymy