HALKYMYZYŇ AGZYBİRLİGİ- TEBİGATYŇ GÖZELLİGİ

  • 08.11.2025
  • HALKYMYZYŇ AGZYBİRLİGİ- TEBİGATYŇ GÖZELLİGİ Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda hem dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ählihalk bag ekmek çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi-de munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu asylly işler halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilip, ajaýyp tebigatyň baýlyklaryny we gözelliklerini geljekki nesiller üçin gorap saklamakda uly ähmiýete eýedir. Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak halkymyzyň agzybirligine, tebigatymyzyň gözelligine, dem alýan howamyzyň arassa hem tämiz bolmagyna ýardam edýär. Daşky gurşawyň abadançylygyny gorap saklamak babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty, bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlar, «ýaşyl» ykdysadyýeti döretmek ugrundaky tagallalar umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar. Munuň özi sagdyn ýaşaýşyň, durnukly ösüşiň esasydyr. Şeýle bolansoň, ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşi ekologiýa meseleleriniň çözgüdine laýyklykda alnyp barylýar. Ýurdumyz ekologiýa taýdan halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Merkezi Aziýa sebitleýin ekologiýa merkezi, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy ýaly guramalar bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen bagly ýurdumyz daşky gurşawy goramak boýunça kabul edilen halkara konwensiýalaryň köpüsine işjeň gatnaşýar. Bu maksatnamalarda ýurdumyz giň möçberde tebigaty goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, bioköpdürlüligi saklamak ýaly meselelerde örän aýgytly çykyş edýär. şeýle hem eziz Watanymyz tebigy serişdeleri rejeli ulanmak we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça mynasyp goşandyny goşýar.

    Döwletmyrat AMANOW
    Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň assistenti
    Başga makalalar