Türkmenistan öz daşary syýasat strategiýasynda parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini netijeli diplomatik gurallaryň biri hökmünde berkitmek bilen, ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Ýatlap geçsek BMG-niň Baş Assambleýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa hem-de XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda Türkmenistan Watanymyz, şonuň bilen birlikde gözel paýtagtymyz Aşgabat, sözüň doly manysynda, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, dost-doganlygyň, sportuň mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzda ähli sport görnüşleri bilen bir hatarda, sportuň welosport görnüşini ösdürmekde uly işler hem amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etdi. Bu baýram her ýyl giňden bellenilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamany kabul edendigini bellemek gerek. Bularyň ählisi dünýä bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketiniň ösdürilmegine, jemgyýetde ekologik medeniýetiň kämilleşdirilmegine, milli, sebitleýin hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly goşandynyň ykrar edilýändiginiň anyk mysallarydyr.
Şöhrat HALLYÝEW Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň uly mugallymy