Türkmen halkymyz «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Saglygym — baýlygym» ýaly pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy uly işleri durmuşa geçirýär. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan durnukly lukmançylyk önümleri öndürilýär. Munuň özi lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagynda uly ähmiýete eýedir. Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda bu ulgamyň düzümleri giňeldilip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar, iň gowy dünýä tejribeleri we lukmançylyk ulgamyndaky gazanylanlar işjeň ornaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilaty bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, öňüni alyş işlerini geçirmek, dürli gelip çykyşlary keselleri irki döreýiş wagtynda anyklamak we netijeli bejermek möhüm wezipeleriň biridir.
Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynyň ilatyň arassaçylyk-epidemiologik abadançylygyny üpjün etmek ýaly ugurda hem dünýäniň köp döwletleri üçin nusgalyk ýurtdur. Bu ulgamda alnyp barylýan giň möçberli işler raýatlaryň saglygyny pugtalandyrmak, durmuş üçin howpsuz şertleri döretmek, ýokanç keselleriň öňüni almak ýaly möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Türkmenistanda ähli ulgamlarda, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünliklere guwanjymyz, buýsanjymyz çäksizdir.
Aýgül ŽALAÝEWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby