Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Kabul edilen milli döwlet maksatnamalary esasynda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän bejeriş-anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, saglyk öýleri yzygiderli gurlup, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna şöhratly sahypalar ýazylýar. 2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän ynsanperwer işleriň dabaralanýandygynyň nyşanydyr. Bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalaryň köp sanlysynyň saglygy dikeldildi. Bularyň ählisi halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmegiň, dünýä ylmynyň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmagyň Türkmenistanyň bu ugurda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň ähli üstünlikleri we gazananlary Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Uzykjemal PATYŞAKULİÝEWA Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby