Ýurdumyz öz daşary syýasat strategiýasynda parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini netijeli diplomatik gurallaryň biri hökmünde berkitmek bilen, ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa hem-de XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara duşuşyklaryň we forumlaryň mekanyna öwrülen paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem örän guwandyryjydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda Türkmenistan Watanymyz, şonuň bilen birlikde gözel paýtagtymyz Aşgabat, sözüň doly manysynda, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, dost-doganlygyň, sportuň mekanyna öwrüldi.
Gadam BERDİÝEW Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby