PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÖSÜŞİŇ BEÝİK TAGLYMATY

  • 08.11.2025
  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÖSÜŞİŇ BEÝİK TAGLYMATY Türkmen halkynyň toý-baýramlary hemişe goşa-goşadan gelýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hoş habarlara, toý-baýramlara beslenýär. Şu şanly ýylda BMG-niň Baş Assambleýa tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama üçünji gezek kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň halkara ähmiýetini dabaralandyrýan bu hoş habar biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan bitaraplyk taglymatymyza, döwletimiziň Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer syýasatyna, parahatçylyk, ynanyşmak däplerini rowaçlandyrmak ugrundaky başlangyçlaryna berlen ýokary bahadyr. Parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, jebislik — ýaşaýşyň, ösüşiň beýik taglymatlary. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty öz gözbaşyny hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzdan alyp gaýdýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgesi pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilikli, asuda, abadan durmuş hakyndaky isleg-arzuwlarynyň wysalydyr. Elbetde, türkmen halkynyň taryhyna ýazylan bu ähmiýetli wakalar biziň döwletimiziň ykbalyna oňyn täsirini ýetirdi. Netijede, Garaşsyz Türkmenistanyň ýagty ykbaly ýene bir ýola dünýä içre galkyndy.
    Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky ýörite Kararnamasy bilen, bu gurama şol wagtky agza döwletleriň biragyzdan goldamagy netijesinde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi. BMG-niň Baş Assambleýa «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly taryhy Kararnamasyny kabul etdi we Türkmenistana hemişelik Bitarap döwletiň hukuk derejesi berildi. Şunlukda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan şu günki güne çenli resmi taýdan ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk hemişelik Bitarap döwletdir. Şu syýasy-diplomatik menziller halklaryň taryhyna we hakydalara ebedi ýazyldy.

    Leýla ÝAKUBOWA
    Lebap welaýatynyň Farab etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy
    Başga makalalar