WATANYŇ BAGTY-BAGTYÝAR NESİLLER

  • 10.11.2025
  • WATANYŇ BAGTY-BAGTYÝAR NESİLLER Gahryman Arkadagymyzyň: «Men ata-babalarymyzyň şan-şöhratyna mynasyp işleri bitirip, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna ajaýyp sahypalary ýazjakdygymyza, biziň bitiren işlerimize geljek nesillerimiziň buýsanjakdygyna-guwanjakdygyna berk ynanýaryn» diýen belent hyjuwly sözleri bu gün durmuşda hasyl bolmak bilen, türkmen jemgyýetiniň bagtyýar ykbalynda ak ertirine parlak Gün bolup şugla saçýar. Türkmeniň nesil terbiýesi gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. Özüňde bar bolan gowy häsiýetleri, edep-ekramy, zähmetsöýerligi, hoşniýetliligi, ynsanperwerligi, ukypbaşarnygy çagalaryňa geçirmek, olary milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmek her bir ata-ene üçin möhümdir. «Dünýäniň gözelligine akyl ýetirmek üçin, ilki bilen, ojagyňdaky, öz öýüňdäki gözellikleri görmegi başarmaly. Öz ojagyny söýüpsylamaýan adam özge ýeriň gözelligine akyl ýetirip bilmez» diýilýär. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller hakynda döwlet derejesinde edilýän aladalar, çagalaryň dünýä ülňülerine gabat gelýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, gyşyna ýyly, tomsuna salkyn binalarda erkana okap, öwrenip, kämil nesiller bolup ýetişmeginiň hatyrasyna uly işler alnyp barylýar. Bir akyldardan çaganyň kemally adam bolup ýetişmegi üçin näme etmelidigi barada sorapdyrlar. Şonda ol: «Ata-eneler toprak, perzentler şol toprakdaky ösümlikdir. Ösümligiň ýagdaýy hiline bagly. Çagany eý görmeli, oňa gowy terbiýe hem bermeli. Her islegine höre-köşe etmegiň deregine, diýenine «bolýar» diýip otursaň, bikemal çagalar kemala geler. Bu bolsa durmuşyň gaýtargysydyr» diýipdir. Şu gün nädogry hereket edýän bolsak, ertirki gün biziň şol ýalňyşlarymyzy çagalarymyzyň hem gaýtalajakdygyna düşünmeli. Biz çagalara durmuş atly möwç urýan ummanda özbaşdak ýüzmegi, maksatly menzillerine biziň beren öwüt-ündewlerimiziň, öwreden bilim-terbiýämiziň, görkezen görüm-göreldämiziň kömegi bilen ýetmegi öwretmeli. Çagalar gylyk häsiýetleri, özlerini alyp baryşlary, ukyp-başarnyklary boýunça-da biribirlerinden tapawutlanýarlar. Şonuň üçin biz, ilki bilen, çaganyň oňat taraplaryny öwrenip, şoňa laýyk hereket edenimizde, netijesi ýokary bolar. Zähmet terbiýesi, ilki bilen, maşgaladan, soňra çagalar baglaryndan başlanmaly. Ak mermere beslenen çagalar baglarynda döredijilikli işlemek üçin ähli mümkinçilikler bar. Körpelere dürli şekilleri ýasamak, otag güllerine ideg etmek ýaly zähmet çekmegiň ilkinji usullaryny ýerine ýetirmegi, gyzjagazlara öý işleriniň ýönekeý görnüşlerini öwretmeli.

    Ýazberdi BEGLİÝEW
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby
    Başga makalalar