DOST-DOGANLYGYŇ ÝOLY BILEN

  • 21.12.2025
  • DOST-DOGANLYGYŇ ÝOLY BILEN
    Ýer ýüzüniň milliardlarça ilatynyň röwşen geljegini üpjün etmek maksady bilen döredilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda hem-de goňşy döwletleriň we Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň goldaw bermeginde Aşgabatda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen ýakyndan hyzmatdaşlygy uly ähmiýet berilýär.
    Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna 30 ýyl doldy. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygry umumadamzady parahat durmuş üçin ýagşy işlere çagyrýan ajaýyp aýdym bolup kalbymyza doldy.
    Hemişelik Bitaraplygymyzyň dabaralanmasy esasynda, Türkmenistan Watanymyz parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlary BMG-niň çäklerinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilýän Kararnamalarda öz beýanyny tapýar. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme döwletler bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar. BMG oňyn Bitaraplyk ýörelgesine eýerýän Garaşsyz ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde, tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmäge öz mynasyp goşandyny goşup gelýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigini köp sanly wajyp başlangyçlar ruhlandyrýar.
    Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan netijeli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, ilkinji nobatda, sebit boýunça goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmen milletini goňşy ýurtlaryň halklary bilen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylyklary, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, birek-birege goldaw bermek däpleri baglanyşdyrýar.
    Goý, dost-doganlygyň, parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň ýurdy bolan Türkmenistan Watanymyz baky güllesin, gül açsyn!

    Döwletmyrat AMANOW,

    Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň assistenti
    Başga makalalar