Alys­la­ra uza­ýan ak ýol­lar

  • 28.01.2026
  • Alys­la­ra uza­ýan ak ýol­lar

    Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orny eýeleýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça dürli ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary biragyzdan kabul etdi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi, oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan döwletimiziň dünýä yklymlarynyň çatrygynda örän amatly ýerde ýerleşmegi halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmäge, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagyna, hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär» diýip nygtaýar. Şondan ugur alnyp, Gündogar ― Günbatar we Demirgazyk ― Günorta ugurlary boýunça ýurdumyzyň döwrebap ulag geçelgelerini birleşdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Munuň özi Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär.
    Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy 2019-njy ýylyň ýanwarynda badalga aldy. Mälim bolşy ýaly, bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry bolan Tejen — Mary bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. Şol bir wagty özünde ýurdumyzda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy hem ýokary depginde alnyp barylýar. Olaryň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa ― Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köp şahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşamagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly peýda bolar. Şundan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ulagyň ähli görnüşleriniň ― awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze howa menzilleri, demir ýollar, Türkmenistany goňşy ýurtlar bilen birleşdirýän awtomobil ýollary, köprüler gurulýar, toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üsti döwrebap tehnikalar bilen yzygiderli ýetirilýär.

    Kadyr KADYROW
    Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby

    Başga makalalar